Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny ösdürmek we pagtaçylykda öndürijiligi ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmenpagta” döwlet konsernine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine 2026-njy ýylda Türkmenistan boýunça bellenilen möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem gowaçanyň tohumlaryny etraplaryň toprak-howa şertlerine görä, tassyklanan meýilnama esasynda ýerleşdirmek göz öňünde tutuldy.
Karara laýyklykda, pagta öndürijiler bilen baglaşylan şertnamalar esasynda olary agrotehniki kadalara laýyklykda zerur serişdeler bilen üpjün etmek çäreleri kesgitlendi. Hususan-da, “Türkmenpagta” döwlet konsernine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli tohum bilen, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine ekiş we ideg işleri üçin tehniki hyzmatlar bilen, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine suwaryş suwy bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine bolsa mineral dökünleriň degişli möçberini üpjün etmek borjy ýüklenildi. Bu çäreler 2026-njy ýylda pagta hasylynyň bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Lebapda pagtanyň öndürilişini artdyrmak bellenildi
31
Dec
