YKDYSADYÝET

Lebapda pagtany ýitgisiz ýygnamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar

Lebap welaýatynda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişilip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak hem-de kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça işler guramaçylykly ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda welaýat häkimi M.Annanepesow habar berdi.

Sebitde ýygymda ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletde geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalary, ekiji gurallar netijeli işledilýär. Bugdaý ekişi geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Döwlet Baştutanynyň ýutda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitiň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şaly meýdanlarynda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.