Lebap welaýatynda pagta ýygymy dabaraly ýagdaýda başlady. Geçen Hökümet mejlisinde hormatly Prezident tarapyndan berlen ak pata esasynda oba hojalyk işgärleri «Ak kerwen» dabarasynyň çäklerinde möwsüme girişdiler. Welaýat häkimliginde degişli edara-kärhanalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geňeş-maslahaty geçirildi. Onda pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, hasyly isripsiz ýygnap Watan harmanyna tabşyrmak, oba hojalyk tehnikalarynyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak meselelerine seredildi.
Pagta ýygymyna girişmegiň esasy çäresi Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde guraldy. Dabaranyň dowamynda täze hasyly ýük bilen getiren awtoulaglar Saýat etrabynyň Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasyna ugrady.
Kärhananyň harmanhanasynda ýylyň ilkinji pagta hasyly uly dabara bilen kabul edildi. Ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhanada öňdebaryjy pagtaçy-kärendeçilere hormatly Prezidentiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň ilkinji pagta hasyly resmi taýdan Watan harmanyna tabşyryldy.
Lebapda pagta ýygymyna girişildi
12
Sep
