Şu gün Lebap welaýatynda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň 31-nji awgustda geçirilen mejlisinde tabşyryk beripdi.
Şu ýyl ýurduň gündogar sebitinde 130 müň gektar ýerden 320 müň tonna «ak altyn» almak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda şunça gektar ýerde pagtanyň bol hasyly emele geldi.
Irden welaýat häkimliginde öňde duran möhüm oba hojalyk möwsüminiň guramaçylyk meselelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Soňra Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde pagta ýygymy möwsümine badalga berildi.