Lebapda pagta açylyp başlady
Lebap welaýatynyň günorta etraplaryndaky gowaçaly atyzlarda eýýäm pagtalar açylyp, ak hanalar görnüp başlady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Iýul ― awgust aýlarynda Gün şöhlesiniň bol bolmagy ekinlere oňyn täsirini ýetirdi. Häzirki günlerde her düýpdäki 24 ― 28 gozanyň 2-3-sinde eýýäm ak hanalar görünýär.
Tutuş Türkmenistanda, şol sanda Lebap welaýatynda hem güýzüň ilkinji günlerinde pagta ýygymyna guramaçylykly girişiler.