YKDYSADYÝET

Lebapda owlak-guzy möwsümi tamamlanyp barýar

Lebap welaýatynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Üstümizdäki oba hojalyk ýylynda welaýat maldarlary 1 million 261 müň 714 baş owlak-guzy almak ugrunda zähmet çekýärler.
Häzirki wagtda bu ugurdaky şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi 98 göterimden geçdi. Çärjew, Darganata, Dänew, Farap, Saýat, Garabekewül, Halaç we Döwletli etraplarynyň dowardarlary bellenilen sepgide abraý bilen ýetmegi başardylar.
Möwsümiň üstünlikli dowam etmeginde dowarlaryň uzak öri meýdanlarda dok we ýyly gyşladylmagy, ot-iým gorlarynyň ýeterlik taýýarlanylmagy hem-de bahar paslynyň amatly gelmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Ir bahardan gök maýsa bürenen öri meýdanlar owlak-guzy almak möwsüminiň ýokary depginde alnyp barylmagyna şert döretdi.
Şu günler degişli hünärmenler täze alnan owlak-guzularyň ýagdaýy bilen yzygiderli gyzyklanýarlar. Olar sagdyn ösdürilip ýetişdirilýär, owlak-guzularyň agramly bölegini össürime galdyrmak göz öňünde tutulýar.