Ýanwar ― noýabr aýlaryneda Lebap welaýatynda süýt önümleriniň 29 müň 768,6 tonnasy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 270 tonna golaý köpdür.
Has takygy, geçen ýylyň 11 aýynda welaýatda öndürilen süýt önümleriniň mukdary 29 müň 501 tonnadan geçýärdi. Şeýlelikde, üstümizdäki ýylda 267,4 tonna süýt önümleri köp öndürildi. Artyş depgini bolsa 1 göterime golaýlady.
Öndürilen süýt önümleriniň 9 müň 561 tonnasy döwlet eýeçiligindäki maldarçylyk hojalyklaryna degişli. Önümiň galan bölegi bolsa hususy hojalyklarda we maldarçylyk toplumlarynda öndürildi.
Lebapda öndürilen süýt önümleri 30 müň tonna golaýlady
11
Dec
