YKDYSADYÝET

Lebapda öndürilen senagat önümleriniň bahasy 10 milliard manatdan hem geçdi

Şu ýylyň 5 aýynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 10,2 milliard manatlyga golaý boldy.
Şonça önümiň 2,4 milliard manatlyga golaýy pudagyň döwlet böleginde öndürildi. Şu ýylyň tamamlanan bäş aýynda senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 2,2 milliard manatlyga golaý boldy, şol harytlaryň umumy möçberiniň 56,2 göterimi bolsa ýurdumyzyň daşyna iberildi.
Geçen döwürde sarp ediş harytlarynyň 1,6 milliard manatlykdan gowragy öndürildi.