YKDYSADYÝET

Lebapda öndürilen sement 1,25 million tonnadan geçdi

Lebap sement zawodynda şu ýyl öndürilen ýokary hilli sementiň möçberi 1 million 250 müň tonnadan geçdi.
Geçen ýylyň 10 aýynda bu ýerde 954,6 müň tonna sement öndürilipdi. Şeýlelikde, üstümizdäki ýylda zawodda geçen ýyldakydan 297 müň tonna önüm köp öndürildi.
Munuň özi önümçilikdäki artyşyň 31,1 göterime deň bolandygyny görkezýär. Zawodyň bir ýylda 2 million tonna çenli sement öndürmäge mümkinçiliginiň bardygyny ýatladýarys.