YKDYSADYÝET

Lebapda öndürilen sement 1 million tonnadan geçdi

Şu ýylyň 9 aýynda Lebap sement zawodynda öndürilen sementiň mukdary 1 million tonnadan geçdi. Bu barada welaýat statistika müdirliginden habar berildi.
Has takygy, gündogar sebitde ýylyň başyndan 31-nji sentýabra çenli aralykda 1 million 127,5 müň tonna sement öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 33,9 göterim kändir. Zawodda geçen ýylyň degişli döwründe 842,1 müň tonna sement öndürilipdi.
Şeýlelikde, zawodda şu günlük ikinji million tonna üýşýär. 2024-nji ýylyň martynda zawodyň ikinji tapgyrynyň hem gurlup, ulanylmaga berilmegi onuň ozalky kuwwatyny iki esse artdyrdy.