YKDYSADYÝET

Lebapda öndürilen benzin 200 müň tonnadan geçdi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üstümizdäki ýylda benzin önümçiliginde 11 göterime golaý ösüş gazandy.
Has takygy, geçen ýylyň 10 aýynda ýokary hili benziniň 193 müň tonna golaýyny öndüren nebitçiler şu ýyldaky önümçiligi 214 müň tonna ýetirdiler. Bu bolsa 21 müň tonnadan gowrak benziniň köp öndürilendigini görkezýär.