«Lebapgazçykaryş» müdirligi boýunça üstümizdäki ýylyň geçen döwründe tebigy gazyň 4 milliard kub metre golaýy öndürilip, bu baradaky meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Bu bolsa, öz gezeginde, sarp edijileri «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Gymmatly harytlyk önümi sarp edijileriň arasynda dostana Hytaý döwletiň hem bardygy bellärliklidir. Lebaply gaz çykaryjylar tarapyndan Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisine tebigy gaz üznüksiz ugradylýar. Munuň üçin geçen ýyllarda Malaý — Bagtyýarlyk ýokary basyşly gaz geçirijisi guruldy. Bu gaz geçiriji arkaly şanly ýylyň tamamlanan bäş aýynda tebigy gazyň 2 milliard 202 million kub metre golaýy akdyryldy. Şonuň netijesinde bu baradaky meýilnama
160,9 göterim berjaý edildi.