Lebap welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2025–2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar bilen geçirildi. 13-nji ýanwarda başlanan ikinji ýarymyň ilkinji sapagy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli buýrugyna laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesinde guralyp, onuň dowamynda okuwçylara Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, milli buýsanjymyzy artdyrýan taryhy wakalar barada giňişleýin gürrüň berildi.
Ilkinji okuw sapagynda hormatly Prezidentimiziň çagalaryň bagtyýarlygy, ýaş nesliň terbiýesi baradaky parasatly sözleriniň many-mazmuny düşündirildi, ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny belende göterýän möhüm forumlar, ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler barada mysallar getirildi. Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň döredijilik çykyşlaryna, watançylyk ruhunda söhbetdeşliklere aýratyn orun berlip, bu sapak ýaşlarda eziz Watanymyza, döwlet Baştutanymyza hem-de merdana halkymyza bolan buýsanjy has-da artdyrmaga gönükdirildi.
Lebapda okuw ýylynyň ikinji ýarymyndaky ilkinji sapak ýylyň şygaryna bagyşlandy
13
Jan
