Lebapda Oba milli maksatnamasy boýunça bir ýylda meýilleşdirilen işler 164 göterim ýerine ýetirildi
Lebap welaýatynda Oba milli maksatnamasy boýunça geçen ýylyň dowamynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 402,5 million manada barabar bolup, bu baradaky ýyllyk tabşyryk 164 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet Baştutanynyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalary Oba milli maksatnamasynyň çäginde alnyp barylýan giň gerimli işlerde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, bu maksatnama indi 2008-nji ýyldan bäri hereket edýär.