YKDYSADYÝET

Lebapda oba hojalyk möwsümleri talabalaýyk dowam edýär

Lebap welaýatynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar. Bu barada welaýat häkimi M.Annanepesow duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, ýygym möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň, kabul ediş harmanhanalarynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegi üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar.

Ýurtda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almaga taýýarlyk görülýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: