TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda oba hojalyk işleri talabalaýyk dowam edýär

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de
döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilen
meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri
ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen,
gowaçadan boşan meýdanlary sürmek, topragy mineral dökünler bilen
gurplandyrmak çäreleri dowam etdirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň daş-
töwereginde arassaçylyk işleri geçirilýär. Geljek ýyl işlediljek oba hojalyk
tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýar etmek maksady bilen, abatlaýyş
işlerine, häzirki wagtda tabşyrylan pagta hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyk işlerine girişildi. Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: