YKDYSADYÝET

Lebapda oba hojalyk işleri talabalaýyk alnyp barylýar

Lebap welaýatynda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar, hasyly daşamakda ulanylýan ýük awtoulaglary, galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Welaýatda şaly ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleri ýerine ýetirilýär. Bular barada welaýat häkimi Ş.Amangeldiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň 24-nji iýunda geçiren iş maslahatynda döwlet Baştutanyna habar berdi. Mundan başga-da, häkim ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny we ony üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi hem-de galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň, şaly ekişiniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutany Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: