Lebapda oba hojalyk işleri talaba laýyk alnyp barylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda şu hepdäniň dowamynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ş. Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişi dowam edýär.
Ekişi bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary we gurallara doly güýjünde işledilýär. Gowaçanyň gögeriş alnan meýdanlarynda kadaly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, hatarara bejergi işleri geçirilýär.
Şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin gallaçy daýhanlar tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär.
Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen kadaly üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Suwaryş, şor suw akabalary arassalanylýar. Mundan başga-da, häkim Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyny, bugdaýa ideg etmek işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpiün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutany ýurtda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.