TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylda welaýatlar boýunça oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklandy. Bu meýilnama Lebap welaýatynda hem oba hojalyk ekinleriniň ýerleşdirilişini ylmy esasda ýola goýmagy, ýer serişdelerinden netijeli peýdalanmagy we önümçiligiň durnukly ösüşini üpjün etmegi maksat edinýär.
Kararda Oba hojalyk ministrligine, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we welaýat häkimliklerine ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda guramak, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bu tabşyryklar Lebap welaýatynda hem ekinçilik işleriniň sazlaşykly alnyp barylmagyna we önümçilik görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.