TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda noýabra çenli maýyl howa bolar

Lebap welaýatynda oktýabr aýynyň ahyryna çenli maýyl howa saklanyp galar. Bu barada türkmen metbugaty habar berýär.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň ýazmagyna görä, aýyň ahyryna çenli gündizki howanyň maýyllygy +27 gradusdan +32 gradusa çenli ýeter.
Gijelerine bolsa howa +14 gradusa çenli maýyl bolar.
Aýyň ahyrky günlerinde welaýatda bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar.