MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Lebapda Nowruz baýramy giňden bellenildi

Lebap welaýatynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giň gerimde we ýokary guramaçylyk derejesinde bellenildi. Baýramçylyk dabaralarynyň esasy merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdança boldy. Bu ýerde köpçülikleýin çäreler guralyp, oňa ýaşulular, eneler, ýaşlar we çagalar gatnaşdy. Meýdançada amaly-haşam sungatynyň, azyk we senagat harytlarynyň, oba hojalyk gurallarynyň sergileri guraldy.
Dabaranyň dowamynda milli oýunlar we sport ýaryşlary geçirildi. Şeýle hem folklor-tans toparlarynyň we bagşy-sazandalaryň çykyşlary ýerine ýetirildi. Köýtendagyň eteginde «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» atly dabara geçirilip, semeni taýýarlamak, şaman oduny ýakmak ýaly däpler ýerine ýetirildi. Baýramçylyk çäreleri welaýatyň ähli etraplarynda dowam etdirildi.