Şu ýylyň 10 aýynda Lebap welaýatynda nebiti gaýtadan işlemek boýunça geçen ýylyň degişli döwründäkiden 20 göterime golaý ösüş gazanyldy.
Geçen ýylyň 10 aýynda 376,3 müň tonna nebiti gaýtadan işlän gündogarly nebitçiler bu ýylky önümçiligi 448 müň tonna ýetirdiler. Şeýlelikde, geçen ýyldaky 71,7 müň tonna nebit köp işlenilip, artyş depgini 19,1 göterime deň boldy.
Welaýatda nebitiň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda gaýtadan işlenilýändigini ýatladýarys.
Lebapda nebiti gaýtadan işlemek boýunça 20 göterime golaý ösüş gazanyldy
07
Nov
