Lebap welaýatynda nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz geçirijilere we paýlaýjy beketlere yzygiderli hyzmat edilýär. Häzirki wagtda “Malaý”, “Naýyp”, “Gazojak” we “Bagaja” ýaly strategik gaz känlerini senagat taýdan özleşdirmek, içerki hem-de eksport ugurlaryny tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Şeýle-de, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň gidrogeologlary tarapyndan ýerasty suwlaryň gorlaryny artdyrmak üçin buraw işleri giň gerimde alnyp barylýar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak boýunça degişli tabşyryklar berildi.
Lebapda nebitgaz känlerini özleşdirmek işleri giňeldilýär
11
Apr

