Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda nebit bitumyny öndürmek boýunça geçen ýylyň sekiz aýyndakydan şu ýyl 39,5 göterim ösüş gazanyldy.
Zawodda geçen ýylyň ýanwar ― awgust aýlarynda bu gymmatly önümiň 11,9 müň tonnasy öndürilen bolsa, şu ýylky önümçilik 16,5 müň tonna ýetdi. Şeýlelikde, gazanylan ösüş 39,5 göterime deň boldy.
Kuwwatly kärhanada öndürilýän bu gymmatly serişde içerki we halkara bazarda uly islege eýedir. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde bu zawodyň işini kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy döwlet Baştutanyna habar berildi. Munuň özi önümçiligiň has artmagyna ýardam eder.
Lebapda nebit bitumynyň önümçiligi boýunça 40 göterime golaý ösüş gazanyldy
13
Oct
