Lebap welaýatynda şu ýylyň başyndan bäri 378,7 million manatlyk nah ýüplükler öndürildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13 göterim köpdür.
Geçen ýylyň 10 aýynda welaýatdaky dokma kärhanalarynda öndürilen nah ýüplükler 335,2 million manatlyk bolupdy. Diýmek, üstümizdäki ýylda olarda 43,5 million manatlyk önüm köp öndürilipdir.
Welaýatyň iri dokma kärhanalarynyň Türkmenabat we Seýdi şäherlerinde, şeýle hem Halaç etrabynda ýerleşýändigini ýatladýarys.
Lebapda nah ýüplükleriň öndürilişi artýar
11
Nov
