TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda möwsümleýin oba hojalyk işleri talabalaýyk geçirilýär

Lebap welaýatynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Bu barada welaýatyň häkimi Prezident Serdar Berdimuhamdowyňýolbaşçylygynda duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Welaýatda gowaça ekişi dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallar doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmaga, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi işlerini geçirmäge girişildi. Ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda-da ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamany doly ýerine ýetirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň guramaçylykly we agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, galla oragyna talabalaýyk taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi.