Lebap welaýatynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. 2026-njy ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, meýdanlarda sürüm işlerine girişildi. Bu barada welaýatyň häkimi D.Genjiýew döwlet Baştutanynyň duşenbe güni geçiren iş maslahatynda habar berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim welaýatda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, gaýtadan işleýän senagat üçin gymmatly çig mal bolan pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.
Lebapda möwsümleýin oba hojalyk işleri talabalaýyk alnyp barylýar
11
Nov
