TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebapda möwsümleýin oba hojalyk işleri talabalaýyk alnyp barylýar

Şu günler Lebap welaýatynyň ak ekin meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu barada welaýatyň häkimi Maksat Annanepesow döwlet Baştutanynyň duşenbe güni geçiren iş maslahatynda hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň tohumlary doly taýýar edilip, olaryň ekişini bellenen möhletde geçirmek babatda zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: