Lebapda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär
Lebap welaýatynda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, orakdan boşan meýdanlary sürmek, indiki ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary bökdençsiz ulanylýar. Ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olaryň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri dowam edýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Bular barada welaýat häkimi Ş.Amangeldiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň 1-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda hasabat berdi.
Şeýle-de häkim ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, welaýatyň gowaça, şaly ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutany şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.