Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow Türkmenistanyň Prezidentiniň
duşenbe güni geçiren iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky
hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak
boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk ýerleşdirmek
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitde bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda
dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda
ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak,
bökdençsiz kabul etmek babatda zerur çäreler görülýär. Ählihalk bag ekmek
dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli işler
alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda, medeni-
durmuş maksatly binalarda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly
işledilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Mundan başga-da, häkim welaýatda Hasyl toýuny ýokary derejede geçirmäge
görülýän taýýarlyk, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, oba hojalygynda şu günler dowam edýän
möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatda ýetişdirilen
pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekişiniň agrotehniki
möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet
Baştutany Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen
işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebapda möwsümleýin işler talabalaýyk dowam edýär

05
Nov