Lebap welaýatynda häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bu barada welaýatyň häkimi D.Genjiýew döwlet Baştutanynyň duşenbe güni geçiren iş maslahatynda habar berdi.
Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek, bazarlardyr dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi we häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Lebapda möwsümleýin işler talabalaýyk alnyp barylýar
02
Dec
