Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow 12-nji maýda geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Ýetişdirilen tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk saklamak üçin ýöriteleşdirilen galla kabul ediş nokatlary möwsüme doly taýýar edildi. Şunuň bilen birlikde, galla oragynda ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda kadaly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Sebitde ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň
we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, meýilnama esasynda taýýarlyk işleri dowam edýär.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, bugdaýa we gowaça ideg etmek işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.
Lebapda möwsümleýin işler talabalaýyk alnyp barylýar

13
May