YKDYSADYÝET

Lebapda möwsümleýin işler öz tertibinde alnyp barylýar

Lebap welaýatynda ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça işler guramaçylykly ýola goýuldy. Şol bir wagtda bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek bilen bir hatarda, ýeralmanyň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin şaly ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, ýerleri sürmek we tekizlemek işleri ýerine ýetirilýär.

Bular barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gallaçy daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga wagtda we ýitgisiz ýygnalyp alynmalydygyny, gowaça ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmelidigini belledi we bu ugurdaky işleri üns merkezinde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem şaly ekişine taýýarlyk görmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutany şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: