LUKMANÇYLYK

Lebapda möhüm saglyk biraýlygy geçirilýär

Şu günler Lebap welaýatynda ýatgy boýunjygynyň howply täze döremeleriniň öňüni almak, ony ir ýüze çykarmak we netijeli bejermek maksady bilen biraýlyk geçirilýär.
Biraýlygyň dowamynda welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmanlary raýatlaryň işleýän, ýaşaýan, okaýan we dynç alýan ýerlerinde keseliň öňüni almak, anyklamak, bejermek we saglygyny dikeltmek barada wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler.
Olar çykyşlarynda ýatgy boýunjygynyň täze howply döremeleri ir anyklanylyp, ýüze çykarylsa, keseli bejermegiň ýeňildigini düşündirýärler. Şeýle-de sagdynlyk ýörelgelerine eýerip, gündelik iýmitiň kadaly bolmagyny gazanmak barada netijeli maslahatlary berýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: