Lebap welaýatynda täze döredilen etraplarda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar. 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek bu saýlawlaryň çäklerinde halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalary saýlanylar. Häzirki wagtda saýlaw uçastoklarynyň ählisi ses bermäge doly taýýar edilip, degişli guramaçylyk işleri milli kanunçylyga laýyklykda ýerine ýetirildi. Şeýle hem dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edip, oňa ýaşulular, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de dürli pudaklaryň işgärleri işjeň gatnaşýarlar.
Şeýle-de saýlaw uçastoklarynda möhletinden öň ses bermek çäresi başlandy. Bu mümkinçilik iş saparynda boljak ýa-da dürli sebäplere görä saýlaw gününde ses berip bilmejek raýatlar üçin döredildi. Möhletinden öň ses bermek çäreleriniň geçirilmegi saýlawlaryň guramaçylyk derejesiniň ýokarydygyny görkezýär.
Lebapda möhletinden öň ses bermek çärelerine badalga berildi
20
Mar

