YKDYSADYÝET

Lebapda «Mobil bank» hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany 15 müň adama golaýlady

Şu ýylyň 1-nji sentýabryndaky ýagdaýa görä, Lebap welaýatynda «Mobil bank» hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriň sany 14 müň 731 adama ýetdi. Bu bolsa ýurt boýunça müşderileriň iň ýokary sanydyr.

Ýeri gelende aýtsak, bu hyzmatdan Türkmenistan boýunça 56 müň 461 adam peýdalanýar.

Hyzmatdan lebaply peýdalanyjylaryň 4 295-si «Daýhanbank» DTB-niň, 1 351-si «Türkmenbaşy» PTB-niň, 2 175-si «Türkmenistan» DTB-niň, 6 129-sy «Halkbank» PTB-niň, 36-sy «Rysgal» PTB-niň, 775-si bolsa «Senagat» PTB-niň müşderileridir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: