YKDYSADYÝET

Lebapda mineral suwlaryň önümçiligi barha ýokarlanýar

Şu ýylyň 10 aýynda Lebap welaýatynda mineral suwlaryň we alkogolsyz içgileriň önümçiligi 20 göterime golaý ýokarlandy.
Geçen ýylyň degişli döwründe 496,6 müň dallon suw öndürilen bolsa, şu ýylky önümçilik 594 dallona ýetdi. Şeýlelikde, 100 müň dallona golaý önüm köp öndürildi. Bu bolsa 19,7 göterim ösüşiň gazanylandygyny görkezýär.
Bu önümleriň 187,6 müň dallonyndan galany hususy kärhanalarda öndürildi.