Şu ýyl Lebap welaýatynda mineral dökünleriň önümçiliginde 1,1 göterimlik ösüş gazanyldy.
Has takygy, welaýatyň mineral dökün önümçiligi boýunça esasy kärhanasy bolan Türkmenabadyň himiýa zawodynda ýylyň başyndan bäri öndürilen mineral dökünler 193,6 müň tonna ýetdi. Bu ýerde geçen ýylyň degişli döwründäki önümçilik 191,4 tonnady. Şeýlelikde, zawodda 2,2 müň tonna dökün geçen ýyldakydan kän öndürildi.
Bu ýerde şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda mineral dökünleri has köp mukdarda öndürjek täze toplumyň düýbüniň tutulandygyny ýatladýarys.
Lebapda mineral dökün önümçiligi öňe ilerleýär
11
Dec
