Türkmenistanyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem Milli bahar baýramy bellenildi.

Gije bilen gündiziň deňleşýän gününe gabat gelýän bu baýram Nowruz baýramy hökmünde Gündogar halklarynyň onlarçasynda geçirilýär. Ol Halkara Nowruz baýramy derejesine mynasyp boldy. Nowruz baýramynyň däp-dessurlary bolsa ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Asylly däbe eýerilip bu gün agaç nahallaryny oturtdylar. Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, ýurduň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen geçirilýän köpçülikleýin çärede müňlerçe düýp miweli we saýaly agaçlar oturdylýar. Netijede, her ýyl millionlarça ýaş nahallar öňden bar baglaryň hataryna goşulýarlar. Bu gezek hem bag ekmäge müňlerçe adamlar gatnaşdylar.

Nowruzyň öň ýanynda Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, etraplaryň muzeýlerinde, kitaphanalarda, okuw jaýlarynda bu baýama bagyşlanan sergiler guraldy. Edaralarda, kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda dürli çäreler geçirildi. Sungat ussatlary bu gün belentden ýaňlanýan aýdymlary, göwün galkyndyryjy tanslary, edebi-sazly kompozisiýalary bilen çykyş etdiler. Folklor toparlarynyň çykyşlarynda Nowruz bilen baglanyşykly milli däp-dessurlar açylyp görkezildi.

Nowruz baýramynyň çäklerinde geçirilýän däplere eýerilip, adamlar biri-biriniňkä myhmançylyga bardylar, dürli tagamlar bişirildi we birek-birege hödür edildi. Bu günüň aýratyn  tagamy semeni taýýarlanyldy we goňşy-golamlara, dost-ýarlara, tanyşlara dadyryldy.

Halkara Nowruz baýramy Türkmenistanda Milli bahar baýramy hökmünde 21-22-nji martda bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: