Lebap welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan ýakyn günlerde Arkadag şäherinde badalga aljak Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görülýär. Hepdelige gündogar sebitden hem aýdymçylaryň, muzeý işgärleriniň, döredijilik we folklor toparlarynyň hem-de döredijilik adamlarynyň ― ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hepdelige 22-nji iýunda badalga berlip, ol 27-nji iýuna çenli dowam eder. Onuň dowamynda lebaply sungat ussatlarynyň hem ýörite güni geçirilip, onda gündogar sebitiň sungat wekilleri konsert bilen çykyş ederler.
