YKDYSADYÝET

Lebapda mallaryň baş sany yzygiderli artýar

Lebap welaýatynyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini üstünlikli tamamladylar. Şonda welaýatyň ähli hojalyklary boýunça owlak-guzularyň 1 million 257,6 müňden gowragy alnyp, degişli meýilnama üstünlikli berjaý edildi.
Häzirki wagtda welaýat boýunça iri şahly mallaryň 561,9 müň başy, dowarlaryň 3 015,6 müň başy, guşlaryň 4 183,7 müň başy, düýeleriň 6 müň başy, gylýallaryň hem 2,8 müň başy idedilýär. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, mallaryň we guşlaryň baş sanynyň köpelýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Bu oňyn görkeziji bolsa geljekde maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga berk esas döredýär.
Şu ýylyň tamamlanan bäş aýynda bolsa welaýatyň ähli hojalyklary boýunça etiň (diri agramda) 63,4 müň tonnasy, süýdüň 228,3 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 108,1 million sanysy öndürildi. Bu önümleriň esasy böleginiň hususy hojalyklarda öndürilendigini bellemek ýerlikli bolar.