YKDYSADYÝET

Lebapda maldarçylyk pudagy boýunça uly üstünlikler gazanylýar

Geçen ýyl Lebap welaýatynyň edermen maldarlary tarpyndan etiň 153,4 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 604,3 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 241,5
million sanysy öndürildi. Zerur önümleriň agramly böleginiň hususy hojalyklarda öndürilendigi oba adamlarynyň maldary we guşlary idetmek işi bilen höwesli meşgullanýandyklaryna şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda welaýatyň ähli hojalyklarynda iri şahly mallaryň 548,2 müň başyna, dowarlaryň 2 million 356,9 müň başyna, guşlaryň 3 million 938,7 müň başyna, düýeleriň 5,6 müň başyna, gylýallaryň hem 2,9 müň başyna ideg edilýär. Öňki ýyl bilen deňeşdirilende geçen ýylda iri şahly mallaryň, guşlaryň, gylýallaryň baş sany ep-esli artdy.
Maldarçylyk önümlerini öndürmek işinde Saýat etrabynyň zähmetkeşleri öňbaşçylyk edýärler. Olar tarapyndan geçen ýylda etiň 29,8 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 127,8 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 52,7 million sanysy öndürildi we öňki ýyl bilen deňeşdirilende et öndürmekde 10,4 göterim, süýt öndürmekde 2,4 göterim, ýumurtga öndürmekde hem 4,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. Bu bolsa welaýat boýunça iň ýokary görkezijilerdir.
Häzirki wagtda maldarlar üçin jogapkärli döwür dowam edýär. Olar mallary dok we ýyly gyşlatmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Maldarlar möhüm möwsüme taýýarlykly hem geldiler. Ot-iýmleriň ýeterlik möçberiniň taýýar edilmegi, kaşarlaryň, ýyly ýataklaryň abatlanylmagy mallary orta we ýokary semizlikde gyşlatmaga, netijede, olardan sagdyn ýaş mallary almaga pugta esas döredýär.