Lebapda Magtymguly Pyragynyň täze kitaby tanyşdyryldy
Şu gün Lebap welaýat häkimliginde «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, täze ýygyndy akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanyldy.
Ýarym müň sahypadan hem gowrak kitapda akyldar şahyryň saýlanan şygyrlary ýerleşdirilipdir. Göwrümli kitapdaky şygyrlaryň elipbiý tertibnde ýerleşdirilmegi bolsa okyjy üçin oňaýlylyk döredýär.
Dabara welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýewiň açylyş sözi bilen badalga berildi. Soňra ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we döredijilik işgärleri, milli parlamentimiziň deputatlary, syýasy partiýalaryň hem-de iri jemgyýetçilik guramalarynyň welaýatymyzdaky edaralarynyň wekilleri gezekli-gezegine çykyş edip, şahyryň täze diwanynyň ähmiýetli taraplaryna ünsi çekdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynda aýdylanlaryň üstüni welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan çykyşlary ýetirdi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize ýüzlenme kabul edildi.