Lebapda Magtymguly Pyragy barada dessan ýaşaýar
Lebap welaýatynda Magtymguly Pyragy barada dilden-dile geçip ýören
dessanyň bardygy anyklanyldy.
Welaýat neşirinde ýazylyşy ýaly, alym Baýram Akatow döredijilik topary bilen 2020-nji ýylda welaýatymyzda guralan iş saparynyň barşynda Kerki etrabynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan dessana gabat gelýär.
Bu dessanyň taryhy, onuň özüne mälim bolan parçalary barada baýry bilim we medeniýet işgäri Rozy Muhammediýewden ýazyp alýar. Rozy bagşa ilki öz kakasy Gurbanguly Muhammetjuma ogly, soňra obadaşy meşhur Haky bagşy (Haky Nowruz ogly) bilen Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Mustak Aýmedow halypalyk edipdir. Rozy bagşy «Magtymguly Pyragy» dessanyny «Miras» teleýaýlymy arkaly köpçülige ýetiripdir. Rozy Muhammediýewiň aýtmagyna görä, ol bu dessany Haky bagşydan, Haky bagşy Nazar bagşydan, Nazar bagşy Kyrkar Pirnazar bagşydan öwrenipdir.