JEMGYÝET

Lebapda körpelere ýol hereketiniň kadalary öwredilýär

Häzirki günlerde guramaçylykly dowam edýän biraýlygyň çäginde körpeleriň arasynda ýol hereketiniň kadalaryna, köçede özüňi alyp barmagyň düzgünlerine bagyşlanan bäsleşik guraldy. Onda körpeler çatryklardan geçmegiň, köçeleri kesip geçmegiň düzgünleri boýunça özleriniň başarnyklaryny görkezdiler.  Bu işde şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihaty boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Döwran Jumaýew ýakyndan ýardam berýär.

      Ýol hereketiniň howpsuzlygyny, ömürleriň rahatlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly şeýle çäreleri çagalaryň ene-atalarynyň gatnaşmaklarynda hem yzygiderli guralýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: