SPORT WE SYÝAHAT

Lebapda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

Şu gün saba ýelleri Türkmenabat şäherinde geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişiň badyna
goşulyşdy. Ir säher bilen welaýatymyzyň merkezi şäherinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli
köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.
Ýörişe welaýat merkezini Çärjew etrabynyň Farap şäheri bilen birleşdirýän awtomobil köprüsiniň üstünden badalga berildi. Daň säher bilen bu ýere möhüm ekologiýa we saglyk çäresine gatnaşmak üçin ildeşlerimiziň ýüzlerçesi ýygnandy. Olaryň arasynda welaýatymyzyň ýolbaşçy düzümi bilen birlikde milli parlamentimiziň, ýerli halk maslahatlarynyň, edara-kärhanalaryň wekilleri we talyp ýaşlar bar.
Şäheriň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda bolsa birnäçe ýerde aýdym-sazly dabaralar
ýaýbaňlandyrylyp, ýörişe gatnaşyjylaryň armasy ýetirildi. Welaýatyň türgenleri tarapyndan guralan görkezme çykyşlary bolsa Bütindünýä saglyk gününiň çärelerine aýratyn öwüşgin berdi.
Weloýöriş şäherdäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada tamamlandy. Ajaýyp bina egin deňläp oturan welaýat köpugurly sport toplumy hem baýramçylyk çäreleriniň jümmüşine goşuldy. Bu ýerde welaýatyň görnükli sungat ussatlary sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdymlary, tanslary ýerine ýetirdiler.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreler şu gün welaýatymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylýar. Olara ildeşlerimiz agzybirlik bilen gatnaşýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: