JEMGYÝET

Lebapda köpçülikleýin bag ekişlik çäresi geçirildi

Milli Bahar baýramynyň ikinji gününde — 22-nji martda Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary hem
hormatly Prezidentimiziň asylly göreldesine eýerip, bag ekişligine işjeň gatnaşdylar.
Welaýatda ýazky bag ekişlik dabarasy Türkmenabat — Mary awtoulag ýolunyň ugrunda, welaýat köpugurly söwda bazarynyň alkymynda geçirildi. Ir säherden aýdym-sazlaryň owazy bag ekmäge gelenleriň ruhlaryny belende göterdi. Il sylagly ýaşululardyr kümüş saçly eneler, edara-kärhanalaryň işgärleri, ýaşlar baharyň hoştap gününde bag ekmek ýaly asylly däbimizi berjaý etmäge höwes bilen gatnaşdylar.
Şol gün 10 gektar meýdanda dürli daragtlaryň 4000 düýbi oturdyldy. Sähelçe wagtyň dowamynda täze oturdylan daragtlar bu giden meýdany gelşigine getirdi.
Welaýatymyzyň oba-şäherlerinde daragtlary oturtmak, öňden barlaryna ideg etmek işlerine giňden badalga berildi. Gadymy Lebap topragynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky sargytlaryna laýyklykda ýene-de täze baglaryň uly topary döreýär. Şu möwsümde daragtlaryň 44 152 düýbi oturdylar. Şolaryň 20 müňe golaýy tut nahallarydyr.