JEMGYÝET

Lebapda köp çagaly maşgalalaryň ikisine täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

Halkara zenanlar güni mynasybetli Lebap welaýatynda köp çagaly maşgalalaryň ikisine döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan bagtyýar eneler — Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçesiniň ýaşaýjysy Güllala Najimowa hem-de Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesiniň ýaşaýjysy Aknabat Rasulowa täze ýaşaýyş jaýlarynyň eýesi boldular.
Türkmenabat şäherindäki Bagtyýarlyk we Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçelerinde geçirilen jaý toýlaryna ýaşulular, ýaşlar we medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Baýramçylyk dabaralary aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam edip, myhmanlar täze ýaşaýyş jaýlarynyň ilkinji myhmanlary boldular hem-de asylly däbe görä toý paýlary gowşuryldy.