JEMGYÝET

Lebapda köp çagaly maşgalalaryň ikisine täze öýleriň açarlary gowşuryldy

Halkara zenanlar güni Türkmenabat şäherinde we Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde täze jaý toýlaryna hem utgaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi bolan bagtyýar eneleriň ikisiniň ― welaýat merkeziniň ýaşaýjysy Maksuda Akyýewanyň we Köýtendag etrabyndan Guzal Temirowanyň maşgalalaryna täze öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: