YKDYSADYÝET

Lebapda kombaýnlaryň 300-den gowragy «ak altyn» ýygymyna taýýar edildi

«Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki kärhanalary tarapyndan pagta ýygymyna taýýarlykly gelindi. Möwsümiň öň ýanynda önümçilik birleşigine degişli pagta ýygyndy kombaýnlaryň 300-den gowragy möwsüme doly taýýar edildi.

 Kombaýnlaryň 218-si bolsa «John Deere 9970» kysymly kombaýnlardyr. Şeýle hem sebitde «MX-1,8» kysymly tirkelýän kombaýnlaryň 90-synyp güýjünden peýdalanylar.

 Gowaçaly meýdanlaryň düşýän paýyna görä, sebitiň etraplary boýunça kombaýnlardan iň köp peýdalanyljak etraplaryň başyny Çärjew (69 kombaýn), Saýat (53 kombaýn) we Hojambaz etraplary (48 kombaýn) çekýär.

 Ätiýaçlyk şaýlarynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen kärhanada ýasalmagy bolsa işleriň öz wagtynda alnyp barylmagyny üpjün edýär.